ASYRPAY hyzmaty Türkmenistanyň ýerli üpjün edijilerini (mobil aragatnaşyk, internet, telewideniýe we ş.m.) doldurmak,
şeýle hem dürli töleg ulgamlaryny (WebMoney, Binance, YooMoney we beýlekiler), käbir oýun akkauntlaryny we beýleki hyzmatlary doldurmak üçin niýetlenendir.
Halkara hyzmatlary dolduranyňyzda ilki bilen hyzmat üçin arza döretmeli, diňe şondan soň serişdeleri ulgama geçirmeli. Bu ýagdaýda siziň soňky arzanyňyz awtomatiki ýa-da el bilen tölenýär.
Ýerli hyzmatlardan (mobil aragatnaşyk, internet, telewideniýe we ş.m.) peýdalanmak isleseňiz, arza tabşyrylanda tölegi nähili etmeli barada görkezme berler. Tölegiňiz kabul edilenden soň ulgamda arzalar döredilýär we olar ASYRPAY tarapyndan awtomatiki ýa-da el bilen ýerine ýetirilýär.
🆘 ASYRPAY botuny nädip ulanmaly
Шаг 1. Найдите бота AsyrPay в Telegram одним из двух способов:
- Перейдите по ссылке: https://t.me/asyrpay_client_bot
- Отсканируйте QR код приложением для сканирования кодов на телефоне или в приложении Telegram в разделе "Контакты" по кнопке "Добавить контакт по QR кода»
Шаг 2. Нажмите кнопку «Старт» или введите команду /start
Шаг 3. Перед вами главное меню бота. Здесь доступны разделы:
— Услуги — создание заявок на пополнение
— Профиль — баланс, история, заявки, язык, номер телефона
— FAQ — ответы на частые вопросы и инструкции
— Контакты — связь с администратором
— О сервисе — общая информация об AsyrPay
— Как пользоваться ботом — обучающие инструкции
Шаг 4. В разделе «Профиль» — ваш баланс, история операций, мои заявки, избранное, смена языка интерфейса и привязка номера телефона
⚠️ Для создания заявок на пополнение необходимо привязать номер телефона. Бот попросит об этом автоматически когда это потребуется.
▶
Как найти бота AsyrPay в Telegram и обзор главного меню
Başlamadan öň gerekli zatlar:
— WebMoney WMZ gapjygy (Z harpy bilen başlanýar, 13 san, meselem Z123456789012)
— Pasport — TM raýat pasporty (diňe sanlar) ýa-da daşary ýurt pasporty (A harpy + sanlar, meselem A1234567)
— TmCell balansyňyzda pul
Ädim 5. WMZ gapjygyňyzyň nomerini giriziň
(Mysal: Z123456789012 — Z bilen başlanýar, jemi 13 san)
Ädim 6. Pasportdaky ýaly familiýaňyzy giriziň
Ädim 7. Pasportdaky ýaly adyňyzy giriziň
Ädim 8. Pasport nomeriňizi giriziň
(Raýat pasporty — diňe sanlar. Daşary ýurt pasporty — A harpy we sanlar)
⚠️ Bu WebMoney-niň hökmany taalabydy. Maglumatlarыňyz ulgamyň düzgünlerine laýyklykda töleg teswirinde görkezilýär.
Ädim 9. Töleg usulyny saýlaň
Ädim 10. Bot töleg görkezmesini görkezer. Görkezilen mukdary görkezmelere laýyklykda geçiriň.
? SMS arkaly nädip geçirmeli: 0804 nomere şu görnüşde SMS iberiň: [alyjynyň nomeri] [mukdar]
Mysal: 64033548 50
Bir geçirimiň mukdary 1-den 50 manada çenli. Mukdar köp bolsa — birnäçe SMS iberiň.
⚠️ Terminal ýa-da Toleg arkaly töleg:
Töleg etmezden öň AsyrPay administratory bilen habarlaşyň, sargyt nomeriňizi aýdyň we geçiriş üçin rekwizitleri alyň. Sargyt nomersiz anonim tölegler awtomatiki hasaba alynmaýar.
Ädim 11. Töleg gelenden soň bot manat hasabyňyza geçirilendigini habar berer
Ädim 12. Soňra sargyt mukdarynyň hasapdan çykarylandygy barada habar geler — bu WMZ gapjygyňyza iberildi diýmekdir
Ädim 13. Jemleýji tassyklama telefon nomeriňize SMS habar hökmünde geler ✅
▶
AsyrPay boty arkaly WebMoney WMZ nädip satyn almaly (tm)
Başlamadan öň gerekli zatlar:
— USDT BEP20 gapjyk salgysy (0x bilen başlanýar, 42 simwol)
— TmCell balansyňyzda pul
Ädim 5. USDT BEP20 gapjygyňyzyň salgysyny giriziň
(Mysal: 0x1234...abcd — 0x bilen başlanýar, jemi 42 simwol)
Ädim 6. Töleg usulyny saýlaň
Ädim 7. Sargyt döredildi
Ädim 8. Görkezme bilen tanyşyň we geçirim üçin nomeri saýlaň
? SMS arkaly nädip geçirmeli: 0804 nomere şu görnüşde SMS iberiň: [alyjynyň nomeri] [mukdar]
Mysal: 64033548 50
Bir geçirimiň mukdary 1-den 50 manada çenli. Mukdar köp bolsa — birnäçe SMS iberiň.
⚠️ Terminal ýa-da Toleg arkaly töleg:
Töleg etmezden öň AsyrPay administratory bilen habarlaşyň, sargyt nomeriňizi aýdyň we geçiriş üçin rekwizitleri alyň. Sargyt nomersiz anonim tölegler awtomatiki hasaba alynmaýar.
⚠️ Täze müşderiler üçin:
Ilkinji sargytda ulgamdan birnäçe SMS geler — bu adaty ýagdaý, sargydy ýerine ýetirmegi dowam ediň.
Ädim 9. Töleg gelenden soň bot hasaba geçirilendigini we sargyt mukdarynyň çykarylandygyny habar berer
Ädim 10. Jemleýji tassyknama telefon nomeriňize SMS habar hökmünde geler ✅
📝 Sargytlar
Arzalary şu ýerde — Telegram botunda döredip bolýar. Baş menýudan «Hyzmatlar» bölümine giriň. Arzanyň görnüşini saýlaň.
Ýerli hyzmatlar — Türkmenistanyň çägindäki guramalaryň hyzmatlarydyr.
Halkara hyzmatlar — galan ähli hyzmatlardyr.
Soňra ulgam tölegi saýlamagy teklip eder we geçirim amala aşyrmak üçin zerur maglumatlary (belgi, gapjyk, akkaunt, UID, salgy ýa-da beýleki maglumatlar) girizmegiňizi sorar.
Şondan soň ulgam arzanyň döredilendigini habar berer we arza belgisini görkezer.
Soňra arzany tölemeli.
Töleg ulgamyň esasy usuly arkaly amala aşyrylýar — bu 0804 arkaly mobil geçirimdir. Şeýle hem administrator tarapyndan rugsat berlen başga usullar hem ulanylyp bilner.
Administratora habar bermän başga usul bilen edilen töleg anonim töleg hasaplanar.
Eger siz telefon balansyny doldurýan bolsaňyz, tölegden soň 15 minut garaşyň, soňra hyzmat administratoryna ýazyň.
Eger siz akkauntlary ýa-da hasaplary doldurýan bolsaňyz, 0801 belgiden gelen soňky SMS-den soň 10 minut garaşyň.
ASYRPAY zayawkalary diňe 0801-den gelen SMS-habarnamadan soň ýerine ýetirilýär. Eger şeýle SMS ýok bolsa — olary garaşyň.
Eger siz töleg edip, ähli 0801 SMS-lary alsaňyz, ýöne ASYRPAY hyzmatyndan habar gelmese, bu:
ASYRPAY hyzmatynyň SMS-niň size ýetmändigini,
ýa-da 0801-den gelen SMS-niň ASYRPAY hyzmatyna ýetmändigini aňladyp biler.
Tölenen summany barlamak üçin SMS arkaly *balance iberiň — jogap hökmünde balans galyndysy geler.
Eger balans iberen summadan az bolsa, ähli bildirişler ýetmändir.
Eger balans deň bolsa, öz nomeriňizden SMS-zayawka iberiň.
Eger jogap gelmese, bu ASYRPAY ulgamynda tehniki näsazlyklar (internet ýoklugy ýa-da beýleki sebäpler) bolup biler.
Bu barada administratorlara habar beriň, telefon nomeriňizi we meseläniň beýanyny görkeziň.
Bu, tölegiňiziň üstünlikli geçendigini, ýöne hyzmatyň zayawkany ýerine ýetirip bilmändigini aňladýar. Pul serişdeleri ASYRPAY hasabynda saklanyp, zayawkanyň ýerine ýetirilmegine garaşýar.
Ilki bilen, zayawkada maglumatlaryň dogry girizilendigini barlaň.
Eger zayawkada nädogry maglumatlar görkezilen bolsa — Tmcell nomeriňizden ASYRPAY hyzmatynyň nomerine SMS arkaly dogry zayawka iberiň. Zayawka awtomatiki ýerine ýetiriler.
Eger zayawkadaky ähli maglumatlar dogry bolsa, ýöne zayawka ýene-de ýalňyşlyk berýär — hyzmat administratoryna mesele barada ýazyň.
💳 Töleg we balans
Sargytlar öz telefon belgiňizden ASYRPAY hyzmatynyň belgilerine 0804 hyzmaty arkaly tölenýär.
Pul geçirmek üçin siz 0804 belgisine SMS ibermeli. SMS-de hyzmatymyzyň belgisi we geçiriljek mukdar boşluk bilen ýazylýar. Mysal üçin: 99362033553 50
Soňra size Tmcell operatoryndan geçirim nobata goýlandygy barada SMS geler, onuň yzyndan bolsa 0801 belgiden geçirimiň netijesi barada SMS alarsyňyz.
Eger geçirim üstünlikli amala aşyrylsa, pul serişdeleri ASYRPAY hasabyňyzyň balansyna goşular.
Wideo görkezme:
▶
Sargytlary mobil geçirim arkaly nädip tölemeli
ASYRPAY hyzmatynyň belgileriniň sanawyny saýtdaky "Hyzmat barada" bölüminde ýa-da Telegram botdaky "Töleg usullary" bölüminde görüp bilersiňiz.
Ine, Tmcell operatory tarapyndan iň köp duş gelýän SMS habarlary:
1. Kabul edijiniň girizilen geçirimleriniň sany maksimal derejesinden ýokarda durýar
Bu, siziň pul geçirmek isleýän nomeriňiziň günde kabul edip bolýan geçirim limitiniň dolandygyny aňladýar.
Tmcell operatorynda bu limit — günde 7 kabul edilen geçirim.
Limit TM wagty bilen 00:00-da täzeden açylýar.
2. Pul geçirim amala aşyrylmady: iberijiniň hasaby az mukdarda
Bu, siziň nomeriňizde pul ýeterlik däldigini aňladýar.
Pul geçirilenden soň balansda iň az 1 manat galmaly.
3. Pul geçirim amala aşyrylmady: geçirim mukdary uly 50.00 manat
Bu, bir geçirimde 50 manatdan köp pul geçirmäge synanyşýandygyňyzy aňladýar.
4. Hyzmat elýeter däl
Bu, Tmcell operatorynyň içerki tehniki näsazlyklar sebäpli wagtlaýynça pul geçirimini amala aşyryp bilmeýändigini aňladýar.
Terminal arkaly ýa-da bank kartasy bilen tölemek üçin, ilki bilen ASYRPAY hyzmatynyň administratory bilen habarlaşmaly we islegiňizi bildirmeli.
Admin şeýle töleg görnüşini kabul etmek kararyna gelse, töleg edilmeli bolan nomeri size habar berer.
Adminiň razyçylygy bolmazdan, bu usullar bilen töleg geçirmek gat’iy gadagan.
Admin bilen öňünden ylalaşylmadyk şeýle tölegler anonim tölegler hasaplanýar.
🔐 Howpsuzlyk
ASYRPAY hyzmatynyň resmi boty diňe biri bar: @asyrpay_client_bot
Eger botyň ady azyndan bir harp bilen tapawutlansa, artykmaç harplary, sanlary ýa-da aşaky çyzyklary öz içine alsa — bu aldawçy.
Manat bilen töleg diňe ASYRPAY hyzmatynyň hyzmat belgilerine amala aşyrylýar.
Halkara hyzmatlar üçin töleg arzada görkezilen rekvizitler boýunça amala aşyrylýar.
Eger başga töleg usuly barada administrator bilen habarlaşmak isleseňiz, diňe admin akkauntyna ýazyň: @asyrpay
❗ Kimi bilen habarlaşýandygyňyzy hökman barlaň!
Başga akkauntlardan gelip, başga belgilere pul geçirmegi haýyş edýän habarlar — aldawçylygyň alamaty.
1. Jogap bermäň we pul geçirmäň
2. Hat alyşmagyň skrinşotyny alyň
3. Ony bot arkaly goldawa ugradyn
Aldawçylar bloklanar, maglumatlar bolsa beýleki ulanyjylary duýdurmak üçin ulanylar.
💱 WebMoney
Siziň WMID-iňizde iň az derejede “psewdonim” attestaty bolmaly.
“Formal” attestaty almak ýeterlikdir.
Bu attestat resminamalaryňyzdaky maglumatlar barlanylandan soň mugt berilýär. Ony WebMoney programmalarynda alyp bilersiňiz.
Attestat alanyňyzdan soň, biziň hyzmatymyzda zayawkalary döretmäge we tölemäge mümkinçilik alarsyňyz.